Turan hakda

Turan Engineering Hakda, Aşgabat, Türkmenistan

Biz bazarda gerek talaplary we gymmatly sarp edijilerimiz üçin dürli maksatlary owrendik, bular biziň kämilleşmegimize  sebäp boldy

«Turan Engineering» kompaniýasy 2011-nji ýylda innowasion we girdeji maksatlar esasynda Türkmenistanyň söwda, wekil we senagat proýektleri üçin döredildi. Biz bazarda gerek talaplary öwrenip we gymmatly sarp edijilerimiz üçin dürli maksatlary owrendik, bular biziň kämilleşmegimize  sebäp boldy.Biziň umumy tagallalarymyzyň netijesinde biz görnükli üstinliklere eýe bolup, biziň täze mümkinçiliklere tarap ymtylmagymyza mejbur boldyk.

Biziň taryhymyz

  • 2011 Kompaniýa döredildi, esasy talaplary anyklamak üçin bazar derňewi geçirildi, gysga we uzak möhletleýin maksatnamalar taýýarlanyp, goýulan maksatlara ýetmek üçin topar döredildi. Şeýle hem haryt dolanyşygyň we hyzmatyň esasynda kompaniýanyň ýerli bazarda ösmegi üçin gerekli brendlar saýlandy.
  • 2014 Ähli mehaniki enjamlaryň üpjünçiligiň, hyzmatyň we saklanmagyň esasynda sarp edijilerimize takyk jogaplary bermek üçin professional toparymyzyň möçberi artdyryldy.
  • 2016 Türkmenistanyň çäginde ähli ýyladyjy, sowadyjy, wentilýasiýa we suw üpjünçiligi bagly bolan islendik şahana, söwda we senagat taslamalary boýunça, dünýä brendli ondan gowrak kompaniýalaryň doly goldawy eýelendi.

MÜŞTERILERIŇ BIZ HAKDA AÝDANLARY

“Turan Engineering” Hususy kärhanasy bilen 3 ýyldan bäri işleşýäs. Kärhananyň işgärleri täzelikçilik, bazar şertlerine gysga wagtyň içinde uýgunlaşmak, dogruçyllyk, zähmetsöýüjilik, başarjaňlyk ýaly aýratynlyklara we biziň üçin uly ähmiýete eýe bolan ahlak gummatlyklaryna eýedir. Giň gözýetime eýe bolan, Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, ýagny tutuş dünýäde, bolup geçýän täzelikleri ýakyndan yzarlaýan, özüni dowamly kämilleşdirýän beýle topar bilen işleşmegiň özi uly lezzetdir. Topar agzalarynyň aragatnaşyk gurma başarnyklary we olaryň bar ünsüni müşderileriň hoşal bolmaklaryna ugrukdyrmagy “Turan Engineering” Hususy kärhanasyna mahsus bolan aýratynlygy düzýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň uzak wagtlap dowam etmegini, üstünliklerimiziň barha artmagyny dilemek bilen.

Erdem AJAR , “Trane Klima”, Hazar sepgiti boýunça satuw işleriniň müdiri